Pekinde 70 ýylyň içindäki iň yssy gün hasaba alnyp biler

  • 06.07.2023 22:52
  • 19k+

Penşenbe güni Hytaýyň paýtagty Pekiniň howa maglumaty edarasy tarapyndan howanyň ýokary derejede gyzjakdygy - "gyzyl" duýduryş derejesi yglan edildi. Howa boýunça hünärmenleriň duýdurmagyna görä, Pekiniň köp böleginde howanyň temperaturasy gündiz 40 gradusdan geçer. Bu eýýäm tomusda paýtagtda ýokary temperaturanyň boljakdygy barada edilen ikinji duýduryşdyr.

Nanszin etrabynyň şäher howa maglumaty edarasy iýun aýynyň başyndan 5-nji iýuly aralygynda meteorologlaryň 18 gün 35 gradus we ondan ýokary temperaturanyň, dört gün 40 gradus temperaturanyň bolandygyny hasaba alandyklaryny aýtdy. Bu sanlar 1951-nji ýylda bu howa merkezi işe başlaly bäri iň ýokary görkeziji boldy.
Çaklamalara görä, penşenbe-anna günleri şäherde yssy howa dowam eder. Şäher howa gullugy pekinlilere açyk howadaky işlerini azaltmagy we gün urmagynyň hem-de güne ýanmagyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegi maslahat berdi.
Sinhua agentliginiň habaryna görä, Hytaýyň demirgazyk sebitleri we beýleki bölekleri iýun aýyndan bäri güýçli yssynynyň bäş döwrüni başdan geçirdiler, şonda günüň dowamyndaky iň ýokary temperatura 35C ýa-da ondanam ýokary boldy we Pekin-Týanszin-Hebeý sebitiniň köp ýerinde taryhy rekordlar goýuldy.


04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....