Türkmen okuwçylary matematika boýunça halkara olimpiadasynda 6 medal gazandylar

  • 05.07.2023 14:29
  • 18k+

Golaýda Albaniýa Respublikasynyň Tirana şäherinde Ýaşlaryň 27-nji Balkan matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistan, Rumyniýa, Täjigistan, Gazagystan, Serbiýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Türkiýe, Fransiýa ýaly, dünýäniň jemi 18 döwletinden 100-den gowrak okuwçy gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden saýlanan 6 okuwçy wekilçilik etdi. Olara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew hem-de «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýetiniň matematika mugallymy Pälwan Agamyradow ýolbaşçylyk etdi. Zehinli türkmen ýaşlary matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, olaryň ählisi Watanymyza medally dolanyp geldiler. Has dogrusy, bäsleşikde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Begenç Akmyradow hem-de ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow kümüş medala mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow, ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Begli Işanmyradow, Kümüş Nobatowa, şeýle-de ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Selim Hommatdurdyýew dagy bolsa bürünç medaly eýeledi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......