Awazada «Taksi Hyzmaty» işläp başlady

  • 05.07.2023 14:08
  • 32k+

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary üçin «Taksi hyzmaty» hyzmaty hereket edýär. Bu hyzmaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy işe girizdi.

«Taksi hyzmaty» müşderilere tejribeli sürüjileriň dolandyrýan «Toyota Corolla» kysymly häzirki zaman awtoulaglarynda rahat hem ygtybarly syýahat etmegini üpjün eder.
Syýahatyň bahasy günüň wagtyna baglylykda kesgitlenýär. Sagat 06:00-dan 22:00-a çenli 1 kilometre çykdajy 1 manat 20 teňňe, 22:00-dan 06:00-a çenli bolsa her kilometre 1 manat 40 teňňe aralykda kesgitlenendir.
Hyzmatdan peýdalanmak isleýänler (+993 63) 66-21-63 hem-de (+993 243) 4-79-35 telefon belgilerine jaň etmek arkaly taksi sargyt edip bilerler.


düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....