BAE-de maýa goýum ministrligi döredildi

  • 04.07.2023 18:11
  • 8.6k+

Duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Geňeşi maýa goýum ministrligini döretmek kararyna geldi. Bu barada BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaý emirliginiň hökümdary şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum habar berdi.

“Şu gün men Abu-Dabidäki Prezident köşgünde Ministrler Geňeşiniň mejlisine başlyklyk etdim, onuň dowamynda birnäçe möhüm kararlary kabul etdik, olaryň birinjisi, doganym, döwletiň prezidenti (şeýh Muhammet ben Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda) federal hökümetiň düzüminde maýa goýum ministrliginiň döredilmeginiň  we Muhammet Hasan as-Suwaýdiniň maýa goýum ministri wezipesine bellenilmeginiň tassyklanmagy boldy” diýip, şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum Twitterde ýazdy.

Täze ministrligiň esasy maksady BAE üçin maýa goýum gözýetimini ösdürmekden, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny höweslendirmekden we kanunçylygyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelik bilen, BAE-niň dünýäde öňdebaryjy maýa goýum merkezi we dünýä maýa goýum bazarynda esasy oýunçy bolup galmagyny üpjün etmäge çalyşýarlar diýip, şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum düşündirdi.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......