Russiýanyň sirk artistleriniň Türkmenistandaky çykyşlary başlandy

  • 03.07.2023 20:26
  • 32k+

Golaýda açylan Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de «Московский цирк Никулина на Цветном бульваре» sirkiniň artistleriniň tomaşasy guraldy. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň myhmanlary we ýaşaýjylary rus sirkiniň Altyn gaznasyna giren sirk şowhunynyň özboluşly çykyşlarynyň ilkinji tomaşaçasy boldular. 

Howa gimnastlary we ekwilibristler, tanap üstünde ýöreýänler we žonglýorlar sirk sungatynyň dürli görnüşlerinde çykyş etdiler. Baş öwredilen ýolbarslar, gaplaňlar we aýylar tomaşaçylary geň galdyrdy. Şeýle hem tomaşa şadyýan masgarabazlaryň çykyşlary bilen utgaşdy.
Täze Arkadag şäherinde Russiýanyň we Türkmenistanyň sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary 9-njy iýula çenli dowam eder.
Aşgabadyň ýaşaýjylary 10-njy iýuldan 7-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet sirkindäki çykyşlara tomaşa edip bilerler.
9-18-nji awgustda Daşoguz welaýatyndaky, 22-nji awgustdan 31-nji awgust aralygynda Lebap welaýatyndaky, 3-nji sentýabrdan 12-nji sentýabr aralygynda Mary welaýatyndaky we 15-nji sentýabrdan 24-nji sentýabr aralygynda Balkan welaýatynyndaky «Türkmeniň ak öýlerinde» russiýaly sirk artistelri çykyş ederler.
Sirk tomaşasyna petekler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde satylýar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......