Mask 14 ýaşly ýetginjegi inžener edip işe aldy

  • 03.07.2023 11:58
  • 21k+

Ilon Mask 14 ýaşly Kaýran Kwazini SpaceX kompaniýasyna programmist-inžener edip işe aldy. Işe girişmek üçin ýiti zehinli çaga hossarlyk edýän ejesi bilen birlikde Waşington ştatynyň Redmond şäherine göçer.

Ýetginjek häzirki wagtda Las Pozitas tehniki kollejinde okuwyny tamamlaýar. Ondan öň Kwazi orta mekdebi tapawutlanan attestat bilen deň-duşlaryndan has ir gutardy.
Geljekde ýigit Santa-Klara uniwersitetiniň inženerçilik mekdebine girmegi meýilleşdirýär we okuwy gutarandan soň bolsa informatika boýunça alymlyk derejesini almak isleýär.
Kwaziniň sözlerine görä, ol işe ýerleşenine begenýär we hemme zat isleýşi ýaly ugruna bolup barýar diýip, Los Angeles Times neşiri ýazýar.


01.04.2026 15:29
865

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...