Werstappen Awstriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

  • 01.07.2023 18:49
  • 3.1k+

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler, üçünji orny onuň topardaşy Karlos Saýns eýeledi.
Awstriýanyň Gran-prisi möwsümde sprint ýaryşyny öz içine alýan ikinji tapgyr bolar. 2023-nji ýylda şeýle Gran-priler jemi alty sany.
Sprint üçin saýlama tapgyry şenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlar, sprint ýaryşynyň özi şol gün Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da geçiriler. Sprint ýaryşynyň jemi boýunça ilkinji sekiz sürüji utuk alar: ýeňiji sekiz bal, sekizinji bolup pellehana gelen bir bal gazanar. Ýaryş ýekşenbe güni geçirilip, sagat 18:00-da başlar.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....