Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

  • 30.06.2023 11:15
  • 28k+

29-njy iýunda Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini sanly çözgütler we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly şahsy goşandyny nygtap, soňky ýyllarda doganlyk Özbegistanda ýurdy ösüşiň täze basgançagyna çykaran ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi. Özbegistan köp ulgamlarda uly üstünlikler gazandy, halkara giňişlikde onuň abraýy barha artýar, halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we dostlukly döwletiň Baştutanyna şu ýylyň 9-njy iýulynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......