Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň jemleri yglan edildi

  • 30.06.2023 08:21
  • 14k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek köpçülikleýin görnüşdäki olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.

9-10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa we iňlis dili dersleri boýunça «Oguz hanyň zehinli nesilleri» ady bilen integrirlenen olimpiadanyň etrap, welaýat we Aşgabat şäheri hem-de döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçirildi. Onuň jemleýji tapgyry uniwersitetiň özünde 10 günlük «Tomusky dynç alyş okuwy» görnüşinde geçirildi.
Integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyryna ýurdumyz boýunça jemi 120 mekdep okuwçysy gatnaşdy.
Tomusky dynç alyş okuwynyň çäklerinde mekdep okuwçylary gündelik tertibe laýyklykda uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň alyp barmagynda dürli dersler boýunça häzirki zaman ylym-biliminiň derwaýys ugurlaryna bagyşlanan goşmaça okuwlara gatnaşdylar. Mundan başga-da uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylaryň bilelikde geçiren aýdym-sazly dabaraly çäreleri, döredijilik agşamlary mekdep okuwçylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Dürli daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar mekdep okuwçylarynyň dil bilimi boýunça başarnyklarynyň ýokarydygyny ýüze çykardy. Paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklere gurnalan gezelençler mekdep okuwçylarynda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Tomusky dynç alyş okuwynyň soňky günlerinde integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.


Jemleýji tapgyra gatnaşan okuwçylar fizika, matematika, himiýa, biologiýa we iňlis dili dersleri boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasyndan iň ökdeleri öňe saýlanyp, degişlilikde 1-2-3-nji orunlara we höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna uniwersitet tarapyndan hormat hatlary, medallar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edendikleri üçin aşakda ady görkezilen mekdep okuwçylary sylaglandy:

IX synp

Familiýasy Ady Atasynyň ady

Welaýaty

Etraby

Mekdebi

Orny

1

Gumanaýew Garly Magtymgulyýewiç

Aşgabat şäheri

 

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady

I

2

Döwletow Diýar Allaberdiýewiç

Aşgabat şäheri

 

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady

II

3

Hudaýberenow Hudaýguly Güýçgeldi ogly

Aşgabat şäheri

 

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady

III

4

Niýazmetowa Bahar Ruslan gyzy

Daşoguz

Daşoguz

26-njy orta mekdep

III

5

Batyrowa Aýlar Batyrowna

Ahal

Sarahs

15-nji orta mekdep

III

6

Kakajanow Gurbangeldi Kakajan ogly

Lebap

Kerki

37-nji orta mekdep

III

X synp

Familiýasy Ady Atasynyň ady

Welaýaty

Etraby

Mekdebi

Orny

1

Annageldiýew Ilýas Annageldi ogly

Mary

Sakarçäge

43-nji orta mekdep

I

2

Atajanowa Aýgül Röwşenowna

Aşgabat

 

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady

II

3

Söýünow Welnazar Akmyrat ogly

Lebap

Türkmenabat

41-nji orta mekdep

III

4

Azadow Gaýrat Azadowiç

Ahal

Ak bugdaý

46-njy orta mekdep

III

5

Täşliýew Annamämmet Aşyrmmämedowiç

Balkan

Balkanabat şäher

22-nji orta mekdep

III

6

Mansurowa Şahla Mansurowna

Daşoguz

Daşoguz

26-njy orta mekdep

III

7

Işanow Didar Maksadowiç

Daşoguz

Daşoguz

26-njy orta mekdep

III

8

Koçkarow Süleýman Alişerowiç

Daşoguz

Daşoguz

24-nji orta mekdep

III

X synp

Familiýasy Ady Atasynyň ady

Welaýaty

Etraby

Mekdebi

Orny

1

Mätkulow Şatlyk Serdarowiç

Lebap

Türkmenabat

28-nji orta mekdep

I

2

Kakabaýew Orazmuhammet Begenjowiç

Mary

Mary şäher

1-nji orta mekdep

II

3

Taýlyýew Myrat Çörliýewiç

Daşoguz

Daşoguz

7-nji orta mekdep

II

4

Kadyrow Ahat Serdarowiç

Mary

Mary şäher

14-nji orta mekdep

III

5

Gündogdyýewa Mährijemal Serdarowna

Aşgabat

 

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty

III

6

Çaryýewa Gunça Azadowna

Aşgabat

Berkararlyk

86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdep

III

7

Wolosnikow Nikita Anatolýewiç

Ahal

Gökdepe

23-nji orta mekdep

III

8

Abdrimow Aziz Ruslanowiç

Daşoguz

Daşoguz

7-nji orta mekdep

III

9

Ezizow Begli Ezizowiç

Lebap

Türkmenabat

41-nji orta mekdep

III

10

Döwletowa Ogulgözel

Mary

Sakarçäge

32-nji orta mekdep

III

XI synp

Familiýasy Ady Atasynyň ady

Welaýaty

Etraby

Mekdebi

Orny

1

Jumaýew Yhlas Zeliliýewiç

Aşgabat

 

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady

I

2

Jumaniýazow Jasurbek Mansur ogly

Daşoguz

Daşoguz

26-njy orta mekdep

II

3

Babanazarow Resul Şirmädowiç

Aşgabat

 

89-njy orta mekdep

III

4

Gezerow Dawut Merdanowiç

Mary

Mary şäher

Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän welaýat mekdebi

III

5

Rozyýewa Enegül Serdarowna

Lebap

Türkmenabat

28-nji orta mekdep

III

6

Mamanowa Güljahan Gurbanberdiýewna

Aşgabat

Berkararlyk

86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdep

III

7

Gurbannazarow Ýunus Gurbannazarowiç

Aşgabat

Berkararlyk

86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdep

III


30.05.2025 11:22
4.6k+

Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda obserwatoriýa otagy gurnalar

«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagy gurnalar...

26.05.2025 22:36
6.3k+

Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Ir bilen mekdepleriň...

25.05.2025 23:59
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny we mugallymlaryny «Soňky jaň» bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow​ Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady.  "Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň...

25.05.2025 19:17
5.9k+

Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy

21-nji maýda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçisi N.Şagulýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi...