Gurbanguly Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 29.06.2023 11:37
  • 12k+

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Ol Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelipdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen medeniýet meseleleri boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändigini nygtap, geljek ýyl şu wagtlar ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini we bu dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewi bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......