Türkmenistan howandarlyga mätäç çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam etmek çärelerini işläp taýýarlar

  • 29.06.2023 09:34
  • 23k+

28-nji iýunda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Biz geljekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şol çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinde, bellenen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam etmek, olary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki çäreleri hem işläp taýýarlamagy maksat edinýäris» diýip belledi.

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri gazna tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara onlarça operasiýanyň geçirilendigini belläp, häzirki döwürde bejergi alan çagalara lukmançylyk gözegçiliginiň ýola goýlandygyny aýtdy.
Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň uçurymlaryna noutbuk kompýuterleri, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň maslahatlaşylýandygyny belläp, onuň esasy maksadynyň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga ýardam etmekden we gaznanyň işine maslahat beriş goldawyny bermekden ybaratdygyny aýtdy. Ýaşulular geňeşiniň geçen mejlislerinde howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek, olara ata-babalarymyzyň däplerine laýyk mynasyp at dakmak boýunça geçirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdyk we degişli çözgütleri kabul etdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......