Sukerberg bilen Maskyň söweşi Makgregor bilen Meýwezeriň taryhy söweşinden üç esse köp pul getirer

  • 28.06.2023 16:53
  • 29k+

Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) prezidenti Dana Uaýt Mark Sukerberg bilen Ilon Maskyň oktagondaky söweşiniň 1 milliard dollardan gowrak girdeji getirjekdigini aýtdy.

Köp adamyň muny diňe halky we metbugaty gyzykdyryp-güýmemek üçin milliarderleriň tapan degişmesi diýip pikir edýändigine garamazdan, olaryň çyny bilen söweşmek kararyna gelendiklerini tassyklady.
Dana Uaýt TMZ-ä beren interwýusynda: "Bu dünýä taryhynda iň köp tomaşa ediljek söweş bolar. Tomaşa etmek üçin tölenjek pul rekord goýar - diýdi.
Dana Uaýt iň köp tomaşa edilen söweşiň 2017-nji ýylda 600 million dollardan gowrak girdeji getiren Konor Makgregor bilen Floýd Meýwezeriň söweşi bolandygyny aýtdy. Onuň çaklamalaryna görä, Mask-Sukerberg söweşiniň girdejisi bu mukdardan üç esse köp bolar.
Uaýt milliarderleriň söweşe “çynlakaý çemeleşýändigini” hem-de Mark Sukerberg we Elon Musk bilen bu barada bir ýarym sagat gürleşendigini aýtdy.

"Bu ýigitleriň çyny bolsa, adamlaryň görmek isleýän söweşlerini dowam etdirerin. Ýöne bu entek başy. Soňunam, görübereris” - diýdi.

Belläp geçsek, Metanyň “Twitter” sosial ulgamyna bäsdeş taýýarlaýandygy mälim bolansoň, Ilon Maskyň Mark Sukerbergi söweşe çagyrandygyny ýatladýarys.


09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 14:17
12k+

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýörite çempionlyk guşagy tanyşdyryldy

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýeňijilerine gowşuryljak ýörite çempionlyk guşagynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 15-nji iýunda Waşingtonda geçiriljek bu bäsleşik ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk......