Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

  • 28.06.2023 14:51
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy resmi metbugatda çap edildi.

«Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar».

«Naz-nygmatly bereketli saçaklarymyzy giňden ýazyp, eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalaryny berip, doga-dileg edýäris. Gurban baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň, halkara we medeni çäreleriň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşyp gelmegi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi dabaralandyrýar, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrýar» - diýlip Gutlagda aýdylýar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......