BMG Türkmenistan üçin sanly ýer kadastryny döretmegi meýilleşdirýär

  • 26.06.2023 15:05
  • 19k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) Türkmenistan üçin sanly ýer kadastryny döretmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

Täze taslama ýer gorlarynyň dolandyrylyş ulgamyny berkitmäge we kiçi maşgala fermalaryny ösdürmäge kömek eder.
Sanly ulgamyň döredilmegi diňe bir ösen tehnologiýalary däl, eýsem täze hukuk gurallaryny, koordinatlaryň geodeziki ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we emeli hemranyň ýerleşişini, kadastr gözleg işleriniň optimizasiýasyny we kadastr ýazgylaryny sanlylaşdyrmagy talap eder.
FAO bilen bilelikdäki seminarda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Çaryýar Çetiýew daýhanlaryň abadançylygyny we agrosenagat toplumynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin tehnologiki ösüşleri ulanmagyň möhümdigini aýtdy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......