Wýetnamyň parlamenti daşary ýurtlular üçin elektron wizalaryň hereket ediş möhletini 90 güne çenli uzaltdy

  • 26.06.2023 08:36
  • 17k+

Wýetnamyň Milli mejlisi (parlament) 15-nji çagyryşyň 5-nji sessiýasynda daşary ýurtlular üçin elektron giriş wizalarynyň hereket ediş möhletini 90 güne çenli uzaltdy. Ýurduň hökümeti tarapyndan hödürlenen wýetnamly raýatlaryň çykyşy we girişi, daşary ýurtly raýatlaryň Wýetnamdan çykyşy, girişi, üstaşyr geçmegi we ýaşamagy baradaky kanunyň birnäçe maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanun taslamalaryny tassyklamak boýunça ses berişlik şenbe güni geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Tassyklanan üýtgetmelere laýyklykda, daşary ýurtlularyň Wýetnama girmek üçin resmileşdirip biljek elektron wizalarynyň hereket ediş möhleti 30 günden 90 güne çenli uzaldylýar. Şol bir wagtyň özünde Wýetnam bilen wizasyz syýahat barada şertnamasy bolan döwletleriň raýatlary üçin wiza almazdan ýurtda bolmagyň möhleti häzirki 15 günden 45 güne çenli artdyrylýar. Şeýle çözgütler pandemiýadan soň ýurduň syýahatçylyk pudagynyň çalt we doly dikeldilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Wýetnam pandemiýadan soň 2022-nji ýylyň mart aýynda daşary ýurtly syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylda respublika gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 3,6 mln diýlip hasaplanýar, bu göz öňünde tutulan 5 mln adam görkezijisiniň diňe 70%-ini emele getirdi. Şu ýyl ýurt azyndan 8 mln daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi maksat edindi. Syýahatçylyk hyzmatlaryny durmuşa geçirmek bilen Wýetnam 2023-nji ýylda, takmynan, 650 trln dong (takmynan, $27,5 mlrd) gazanmagy göz öňünde tutýar.


düýn 21:38
4k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.4k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......