Lamborghini Ortaýer deňziniň kenarynda garažly 53 sany kaşaň willa gurar

  • 25.06.2023 12:36
  • 22k+

Lamborghini Ispaniýanyň Benaawis şäheriniň golaýynda öz ýaşaýyş jaý toplumynyň guruljakdygyny habar berdi. Dar Global kaşaň gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Tierra Viva diýlip atlandyrylýan taslama 53 villa girer. Olaryň dizaýny italýan markasynyň superkarlaryndan ylham alar.

Awtoulag öndürijisi üç dizaýn-taslamasynyň kompýuter görkezişlerini neşir etdi. Villalar Diamante, Zafiro we Esmeralda diýlip atlandyrylar. Her jaýyň üçekdäki suwa düşülýän howzy, birnäçe eýwany, uly bagy we garažy bolar. Toplumyň ähli ýaşaýjylary Ortaýer deňziniň töwerekleýin görnüşinden lezzet alarlar.
Tierra Viva Marbelýi dynç alyş zolagyndan 10 minutlyk aradaşlykda ýerleşýär. Şeýle hem golaýynda ýahtalar üçin deňiz duralgasy hem bar. Taslamanyň taýýar boljak wagty entek kesgitlenmedi.
Lamborghini ýaşaýyş jaý gurluşygyna girişen ilkinji awtoulag kompaniýasy däl. Şeýlelik bilen, 2017-nji ýylda Sanni-Aýls-Biçde (ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami kenar ýakasynda) bu sebitdäki iň beýik binalaryň biri bolan  Posche Design Tower guruldy. Ondan uzak bolmadyk ýerde Bentley Residences we beýik Aston Martin gurulýar, 59 million dollara barabar bolan penthauslaryň biriniň şol bahanyň içindäki seýrek Vulcan superkary hem bar. Bugatti-ni alamyzda bolsa, ol “rezidensiýalary” üçin Dubaýyň merkezini saýlady.


11.03.2026 17:18
2.2k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...