Turkish Airlines sekizinji gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy boldy

  • 25.06.2023 12:24
  • 12k+

Skytrax halkara howa transporty guramasy sekizinji gezek Turkish Airlines awiakompaniýasyny Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýip belledi. Bu barada “Hürriyet Daily News” gazetine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär.

Flagman awiagatnadyjy “Günorta Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy”, “Iň gowy biznes-klas iýmiti”, “Iň gowy ekonom-klas iýmiti” we “Ýewropada iň gowy ekonom-klas orny” kategoriýalarynda-da baýraga eýe boldy. Geçen ýyl Turkish Airlines tas 72 million ýolagçyny, şol sanda 46 milliondan gowrak halkara syýahatçyny gatnatdy.
Kompaniýa tarapyndan gatnadylan ýolagçylaryň sany 2023-nji ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýyllyk hasabynda 29 göterim ýokarlanyp, 31 million boldy. Halkara ýolagçylaryň sany 34 göterim ýokarlanyp, 19,8 milliona ýetdi.
“Awiasiýa pudagynyň Oskary” hökmünde giňden tanalýan World Airline Awards baýragy 1999-njy ýylda döredildi we doly derejede garaşsyz hem bitarap bolmagynda galýar, sebäbi müşderilerden pikir soraşmalar we sylaglama üçin çykdajylar Skytrax-yň guramaçylary tarapyndan tölenýär.
Şu ýyl dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy Singapore Airlines boldy. Qatar Airways, ANA (All Nippon Airways) pikir soraşmanyň netijesi boýunça ikinji we üçünji orunlary eýeledi. Umuman, pikir soraşmada 325-den gowrak awiakompaniýa baha berildi.


şu gün 10:10
3.1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......