Islandiýa kit awlamak işini togtatdy we 2024-nji ýylda ony düýbünden gadagan edip biler

  • 24.06.2023 18:38
  • 21k+

Islandiýanyň Azyk senagaty ministri Swandis Swawarsdottir 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kit awlamak işiniň gadagan edilýändigini mälim etdi. Ol 2024-nji ýylda, ýagny häzirki kwotalaryň hereket ediş möhleti tamamlananda hem kit awlamak işini gaýtadan dikeltmek üçin aýratyn bir sebäbiň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy. Muny plus-one.ru ýetirýär.

Islandiýada kit awlamak möwsümi iýun aýynyň ortalaryndan sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam edýär, ýöne awlaýjylaryň gadaganlyk ýatyrylandan soň hem işe gaýdyp barjagy näbelli. Ýyllyk kwotalar islandiýalylara 209 finwal (gök kitlerden soň uzynlygy boýunça ikinji deňiz süýdemdirijileri) we 217 kiçi polosatik öldürmäge mümkinçilik berýär. Islandiýa, Norwegiýa we Ýaponiýa – dünýäde kit awlamaga rugsat berýän ýeke-täk ýurtlar.
Swandis Swawarsdottir kit awynyň ykdysady taýdan peýda getirýändigine deliliň azalýandygyny belledi. Onuň sözlerini Islandiýanyň iň soňky kit awy bilen meşgullanýan Hvalur kompaniýasynyň beýany hem tassyklaýar. Bu kompaniýa häzirki möwsümiň girdejililigiň peselmegi sebäpli özi üçin iň soňky boljakdygyny yglan etdi.
Kit awy Islandiýanyň ilatynyň arasynda hem goldawy ýitirýär. Maskin institutynyň pikir soraşmasyna görä, 2023-nji ýylyň iýun aýynyň başynda islandiýalylaryň 51%-i kit awyndan ýüz öwürmegi goldady. Dört ýyl mundan ozal bu görkeziji 41%-di.


30.08.2024 19:12
7.3k+

Islandiýada wikingler döwrüniň syrly oýnawajy tapyldy

Arheologlar Islandiýada diňe bir ylmy jemgyýeti däl, eýsem, Internet ulanyjylaryny hem gyzyklandyran wiking döwrüniň seýrek duş gelýän daş oýnawajyny tapdylar diýip, live Science belläp geçýär. 940-1000-nji ýyllaryna...

30.08.2024 12:29
19k+

TikTok-trend Islandiýada hyýar ýetmezçiligine getirdi

Islandiýalylar TikTok sosial ulgamyndaky wirusa öwrülen trend sebäpli hyýar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Özüni “hyýar ýigidi” diýip atlandyran Kanadadan meşhur bloger Logan Moffit TikTok-da hyýar bilen...

17.06.2022 06:25
4.8k+

Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

şu gün 16:07
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr...