Islandiýada wikingler döwrüniň syrly oýnawajy tapyldy

  • 30.08.2024 19:12
  • 7.4k+

Arheologlar Islandiýada diňe bir ylmy jemgyýeti däl, eýsem, Internet ulanyjylaryny hem gyzyklandyran wiking döwrüniň seýrek duş gelýän daş oýnawajyny tapdylar diýip, live Science belläp geçýär.

940-1000-nji ýyllaryna degişli heýkeljik, gulagy gopan dört aýakly haýwany şekillendirýär. Hünärmenler munuň haýsy haýwandygy barada ylalaşyp bilmeýärler.
Internet ulanyjylary bolsa, oýunjakda islandiýaly it şekillendirilýär diýip hasaplaýarlar. Ýöne arheologiki toparyň ýolbaşçysy Ragnheýdur Traustadottir bu pikire şübheli garaýar, sebäbi heýkeljigiň ýüzi hakyky tohumyň ýüzüne laýyk gelmeýär.

"Wiking döwrüniň oýnawajy – gaty seýrek duş gelýän tapyndydyr" - diýip, ol belleýär.

Oýnawajyň tapylan ýerindäki gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýylda läbikden goraýan diwarlaryň gurluşygynyň öňüsyrasynda başlandy. Köp ýyllaryň dowamynda arheologlar mazar depesi, ferma, degirmen, şeýle hem wiking döwrüniň dört gubury ýaly köp sanly gymmatly ýadygärlikleri tapdylar.


22.05.2026 00:05
4.9k+

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

30.08.2024 12:29
19k+

TikTok-trend Islandiýada hyýar ýetmezçiligine getirdi

Islandiýalylar TikTok sosial ulgamyndaky wirusa öwrülen trend sebäpli hyýar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Özüni “hyýar ýigidi” diýip atlandyran Kanadadan meşhur bloger Logan Moffit TikTok-da hyýar bilen...

24.06.2023 18:38
22k+

Islandiýa kit awlamak işini togtatdy we 2024-nji ýylda ony düýbünden gadagan edip biler

Islandiýanyň Azyk senagaty ministri Swandis Swawarsdottir 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kit awlamak işiniň gadagan edilýändigini mälim etdi. Ol 2024-nji ýylda, ýagny häzirki kwotalaryň hereket ediş möhleti...