Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

  • 24.06.2023 10:34
  • 6.2k+

Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.
Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, bu işleri sazlaşykly guramagyň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......