3 baş baýrak, 1 bürünç medal — türkmen okuwçylarynyň GENIUS Olympiad 2023-de görkezen netijesi

  • 23.06.2023 14:43
  • 20k+

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndaky dört okuwçynyň dördüsi hem Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen 13-nji GENIUS Olympiad 2023 halkara taslama bäsleşiginde baýrakly orunlara eýe bolmagy başardy.

2023-nji ýylyň 12-17-nji iýuny aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Roçester tehnologiýa institutynyň gurnamagynda Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen GENIUS Olympiad 2023 halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige  jemi 63 döwletden 1100 sany zehinli okuwçy gatnaşdy.
Türkmenistandan bu halkara taslama bäsleşigine Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinden 3 okuwçy we bir mugallym,  Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinden bir okuwçy gatnaşdy.
GENIUS Olympiad halkara taslama bäsleşiginiň jemi boýunça, bäsleşigiň robototehnika ugry boýunça, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Öwezow Pirguly, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jumalyýew Jumaly, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Annamyradow Ybraýym baş baýrak (gran pri), altyn medala, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Täçmyradow Dawut bürünç medallary gazanmagy başardylar.
Şeýlelikde milli toparymyz 3 baş baýrak (gran pri), altyn, 1 bürünç medaly almagyň hötdesinden geldi.
Türkmenistanyň toparyna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Garlyýew Meýlis ýolbaşçylyk etdi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......