30-njy iýunda Arkadag şäherinde maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

  • 23.06.2023 12:09
  • 14k+

30-njy iýunda Arkadag şäherinde Markaw myhmanhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan «Arkadag — akylly şäher» ady bilen şäheriň taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada ORIENT agentligi forumyň guramaçylaryna salgylanyp habar berdi.

Çärä iki ýüzden gowrak hususy kompaniýalaryň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan iri halkara guramalaryň we banklaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forum Türkmenistandaky ilkinji döwlet ähmiýetli şäheriň maýa goýum mümkinçiligini görkezmek üçin mümkin boldugyça köp gyzyklanýan taraplary birleşdirmäge niýetlenendir. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary täze sanly çözgütlere maýa goýum mümkinçilikleri, şäher hojalygynyň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolar, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýşy üçin rahat şertleri üpjün etmegiň meselelerine serediler.
Halkara maýa goýum forumynyň meýdanlarynda şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi gurnalar.
Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kärdeşler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler meýilleşdirilen, şeýle hem myhmanlaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik desgalaryna saparlary meýilleşdirilendir.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......