Türkmenistana 1,3 million dollarlyk täze reagentler gelip gowuşdy

  • 21.06.2023 23:55
  • 27k+

Bütindünýä bankynyň karzy bilen maliýeleşdirilýän, “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek” taslamasynyň çäginde Aşgabat şäherine ganyň umumy barlagyny geçirmäge niýetlenen bir tapgyr barlaghana reagenti gelip gowuşdy. Reagentler indi merkezi we sebit barlaghanalaryna paýlanar hem-de ýurt boýunça esasy barlaghana hyzmatlarynyň berlişini güýçlendirer.

Bahasy 1,3 million dollardan gowrak bolan bu lukmançylyk serişdesini getirmek Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasynyň goldamagynda amala aşyryldy. Bu Maksatnama ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi bilen birlikde milli saglyk ulgamynyň geljekdäki kynçylyklara ukyplylygyny we taýýarlygyny güýçlendirmek ugrunda işleýär.
Barlaghana reagentleri bilen üpjünçilik saglygy goraýyş we ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin BMG-niň ÖM-niň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň giň bukjasynyň bir bölegidir. Dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin esasy laboratoriýa hyzmatlary zerurdyr, bu goldaw agzalan hyzmatlaryň Türkmenistandaky ähli adamlara, şol sanda oba adamlaryna we çet sebitlerdäki ilat üçin elýeterli bolmagyny üpjün eder.


20.06.2026 12:08
6.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......