Eýranyň Beýik ruhy lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanyny» sowgat iberdi

  • 21.06.2023 11:19
  • 23k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi. Şu mynasybetli 20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi.

Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatyň dowamynda iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda ýygjam gatnaşykda bolandygy, şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna sowgat hökmünde “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysyny ibermegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň ýurdumyza aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......