Magtymguly adyndaky TDU ilkinji bolup dünýäniň ähli uniwersitetleriniň sanawyna girizildi

  • 20.06.2023 18:21
  • 34k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistandan ilkinji bolup «All University Info» boýunça dünýäniň ähli uniwersitetleriň sanawyna girizildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.

«All University Info» sanawy «QS World University Ranking» reýtingine salgylanyp, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, «All University Info» dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplar üçin has meşhurdyr.
«All University Info» portalynyň saýtynda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabatda Mugallymçylyk instituty hökmünde döredilip, ýokary bilim bermekde Türkmenistanda iň irki edaralaryň biridir. 1950-nji ýylda bu institut Türkmen döwlet uniwersitetine öwrülýär. Häzir ol türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär.
Şeýle hem portalda bellenilişi ýaly, «uniwersitet dürli hünärler boýunça ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde öňdebaryjy hökmünde tanalýar». Şeýle hem uniwersitetiň döwrebap binalar toplumyna we professor-mugallymlar düzümine eýedigi bellenilýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......