Çilide agramy 350 kg-a barabar bolan şokoladdan sygyr döretdiler

  • 19.06.2023 11:41
  • 28k+

Çilide konditerler tarapyndan professional heýkeltaraşlar bilen bilelikde taýýarlanan özboluşly 350 kg agramly şokolad sygrynyň heýkeli görkezildi. Bu barada MIR 24 teleýaýlymy habar berýär.

Şokolad heýkeliniň döredilmegine tas 20 sagat üznüksiz iş sarp edildi. Heýkeliň ölçegi – beýikligi, takmynan, 180 sm we ini iki ýarym metr.
Ideýany görnüşe getirmek üçin konditerlere 300 kg-den gowrak şokolad, süýt we mastika gerek boldy. Ussatlar bu süýji gözellik syýahatçylary özüne çeker diýip umyt edýärler.


22.12.2025 15:22
5.3k+

Atakama çölünde öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylary tapyldy

Çiliniň günortasyndaky Atakama çölünde alymlar gadymy indeýler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen, öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylaryny tapdylar. Geçirilen barlaglar bu haýwanlaryň lamalaryň we alpakalaryň ýakyn garyndaşydygyny, ýöne häzirki wagtda nesli kesilen düýegiller (camelids) maşgalasynyň aýratyn bir görnüşine degişlidigini görkezdi...

05.10.2024 17:27
11k+

Çilide halkalaýyn Gün tutulmasynyň özboluşly kadrlary surata düşürildi

Öň, 2-nji oktýabrda özboluşly kosmos hadysasynyň – halka şekilli Gün tutulmasynyň bolup geçendigini habar beripdik. Bu ýagdaýda Aý Günüň görünýän ýüzüniň, takmynan, 90%-ini ýapýar. Beýik Britaniýadan astrofotograf...

03.09.2024 02:02
12k+

Çiliniň kenarynda ummanyň çuňlugynyň adaty bolmadyk deňiz haýwany wideo düşürildi

Kaliforniýanyň Şmidt umman institutynyň barlagçylary suw ýaly ýarym dury görnüşi üçin Kasper ady dakylan seýrek osminogy (sekiz aýak) surata düşürdiler. Bu jandar Çiliniň kenarynda, takmynan, 4,3 km çuňlukda akwadron...

şu gün 00:51
348

Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi...