Döwletjan Ýagşymyradow «Kurulyş:Osman» türk serialynyň täze möwsüminde peýda boldy

  • 19.06.2023 11:28
  • 52k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow “Kurulyş: Osman” atly meşhur türk teleserialynyň dördünji möwsüminiň täze bölüminde surata düşdi.

Türgen filmde batyr esger Balaban Alpyň keşbini janlandyrdy. Täze seriýa eýýäm ATV teleýaýlymynda peýda boldy, Ýagşymyradow bolsa özüniň Instagramdaky sahypasynda hökümdar Osman begiň köp sanly duşmany bilen söweşýän sahnasyny paýlaşdy.
Türkmen söweşijisi ondan öňem "Kurulyş: Osman" seriýasynyň surata düşürilişine gatnaşypdy. Türgen taryhy filmiň üçünji möwsüminiň jemleýji bölüminde baş keşbi janlandyrdy.
2019-njy ýyldan bäri ATV teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän "Kurulyş: Osman" taryhy başdangeçirmeli serial Beýik Osman imperiýasynyň düýbüni tutujy, meşhur Ärtogrulyň ogly Osman Gazynyň tagta çykmagy ýaly möhüm döwür barada gürrüň berýär.
Dördünji möwsümde Osman Begiň Olaf we onuň ýakyn ýoldaşy Frigg ýaly täze duşmanlar topary bilen alyp baran göreşi barada gürrüň berilýär.
33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň ilkinji türkmenistanly wekili. Türgeniň hasabynda 20 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňligi bar. Türkmen söweşijisi soňky gezek şu ýylyň mart aýynda litwaly Julias Anglikas bilen tutluşyp, ýeňmegi başardy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......