Pakistanyň Hökümeti TOPH taslamasyny tizleşdirmek üçin meýilnamany tassyklady

  • 18.06.2023 14:44
  • 7.1k+

Pakistanyň Federal Ministrler kabineti Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň Bilelikdäki meýilnamasyny tassyklady. Bu çözgüt taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny tizleşdirmäge we gaz geçirijiniň gurluşygyna geçmäge gönükdirilendir diýip, Pakistan Today neşiri ýazýar.

Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabada saparynyň barşynda Pakistanyň Energetika ministrliginiň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilelikdäki resminama gol çekdiler.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň Bilelikdäki meýilnamasynyň tassyklanylmagy gaz geçirijiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmekde möhüm tapgyry aňladýar. Ol gatnaşyjy döwletleriň sebit energetiki hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny görkezýär we sebitde energetika howpsuzlygynyň we ykdysady ösüşiň ýokarlanmagy üçin esas goýýar.
Degişli tassyklama alandan soň, taraplar möhüm taslama ylalaşyklaryny baglanyşmaga, ýer almak işlerini geçirmäge we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň strategiýasyny resmileşdirmäge ünsi jemlärler.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......