Wenesuelanyň prezidenti Maduro boks boýunça hormatly dünýä çempiony boldy

  • 17.06.2023 14:42
  • 26k+

Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) wekilleri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro sportuň bu görnüşini ösdürendigi we türgenleri öňe iterendigi üçin hormatly dünýä çempiony guşagyny berdiler. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

“Siziň sporty we türgenleri ösdürmek maksady bilen ýaran bolmagyňyz sizi biziň hormatymyza we minnetdarlygymyza mynasyp edýär, muny bolsa biziň tapawutly nyşanymyz – dünýä çempiony guşagymyz görkezýär” – diýlip, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) başlygy Hilberto Mendosyň hatynda aýdylýar.

Maduro bu baýrak Karakasda IBA-nyň prezidenti russiýaly Umar Kremlýowyň we Ýewropanyň boks konfederasiýasynyň prezidenti, IBA-nyň wise-prezidenti Loannis Filippatosyň ýolbaşçylygynda guramanyň wekilleri tarapyndan gowşuryldy.


05.07.2025 08:37
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär...

14.06.2025 13:39
1.9k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi...

28.03.2024 15:06
5.3k+

Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ilçisi işe başlady

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez...

05.07.2023 10:46
5.6k+

Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurany Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Madura milli baýram — Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi....