Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ilçisi işe başlady

  • 28.03.2024 15:06
  • 5.5k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi pikir alyşmalaryň mazmunyny düzdi.
Doly ygtyýarly wekil Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Şunda parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etmäge ýardam berjekdigi bellenildi.


düýn 10:49
3.1k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
6.2k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......