Guterriş BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyny belledi

  • 16.06.2023 13:13
  • 7k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde gruziýaly Kaha Imnadze bellendi.

Öň bu wezipede köp ýyllaryň dowamynda moldowaly Natalýa German işläpdi.
Gruziýaly diplomatyň 30 ýyllyk diplomatiýa ugry boýunç iş tejribesi bar. Ol öz ýurdunyň diplomatik gullugynda 1989-njy ýylda işe başlap, köp sanly wezipelerde işledi.

Imnadze häzirki wagtda Gruziýanyň Kanadadaky ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilidir. Şeýle hem 2013-2022-nji ýyllarda Gruziýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy.
Gruziýaly diplomat 10 ýyl töweregi hususy pudakda hem zähmet çekdi. Ol Tbilisiniň döwlet uniwersitetiniň uçurymydyr. Gruzin, iňlis we rus dillerini bilýär.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......