Ferrari 1965-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Le Manyň 24 sagady” ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 15.06.2023 22:36
  • 5.5k+

Ferrari-niň  51-nji belgili sport prototipi “Le Manyň 24 sagadynyň” ýokary derejesinde ýeňijisi boldy. Italiýaly öndüriji üçin bu 1965-nji ýyldan bäri ilkinji ýeňiş boldy. Şeýlelik bilen, Ferrari hem, ýaryş hem ýubileýini bellediler: “Le Manyň 24 sagady” 100 ýaşady, indi “Ferrari”-niň tegelek 10 ýeňşi bar.

Ferrari-niň topary 50 we 51 belgili iki meňzeş awtoulagdan ybaratdy, ýöne ikinji Ferrari 499P tehniki näsazlyklar sebäpli pellehana diňe bäşinji bolup geldi.
Toyota 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek abraýly ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi. Onuň 8-nji belgili GR010-Hybrid prototipi ikinji ýere çykdy - ahyrky sagadyň öň ýany ýüze çykan awtoheläkçilik päsgel berdi. Üçünji orny Kadilak topary eýeledi. Marafonyň ýeňijisiniň 24 sagadyň dowamynda bary-ýogy 342 aýlaw edendigi bellärliklidir (soňky 20 ýylda iň az aýlaw), çempion bilen bürünç medal alany iki aýlaw tapawutlandyrdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......