Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň arasynda «Ýylyň mugallymy» yglan edildi

  • 15.06.2023 13:57
  • 22k+

14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýty habar berýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgyrda dowam eden gözden geçiriliş, ilki bilen, kafedralaryň, fakultetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde geçirildi. Onuň şu ýylyň 26-27-nji maýynda bolan jemleýji tapgyrynda 25 mugallym bäsleşdi. Olar özleriniň hünär ugry boýunça pedagogik, terbiýeçilik we ylmy işleri alyp barmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Şertleriň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, aýratyn tapawutlanan sekiz mugallym baýrakly orunlara mynasyp boldy.
«Ýylyň mugallymy» diýen ada we baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa mynasyp boldy.
Bäsleşikde birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Arlanowa, ikinji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň diller kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Amanow hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Meretguly Gurbanow eýelediler. Üçünji orna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Sähetgeldiýewa, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hukuk taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Möwlamguly Hezretow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Meretmät Meretmädow mynasyp boldular.
Ýeňijiler Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......