TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan meýilnamasyna gol çekildi

  • 09.06.2023 13:33
  • 14k+

8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşykda türkmen tarapy Premýer-ministri, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişi barada maglumat berdi.
Pakistanyň Premýer-ministri, Pakistanyň energiýa zerurlygyny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejek TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalaryny Pakistanyň hökümetiniň doly goldaýandygyny tassyklady.
Duşuşykdan soňra Premýer-ministriň gatnaşmagynda, TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasyna gol çekildi.
Premýer-ministr gol çekmek dabarasynda çykyş edip, TOPH taslamasynyň sebitiň ösüşi üçin örän möhüm taslamadygyny we sebitleýin hyzmatdaşlyk döwrüni getirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalary boýunça tehniki hünärmen derejede netijeli duşuşyklar hem geçirildi.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......