Türkmenistanda meşhur «Çeburaşka» rus filmi görkeziler

  • 08.06.2023 12:42
  • 15k+

9-14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Russian Film Festival ady bilen Rus kinosynyň günleri geçiriler. Şonuň çäklerinde rus režissýory Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» filmi türkmenistanly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Bu barada çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi habar berdi.

"9-14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Russian Film Festival brendi bilen Rus kinosynyň günleri geçiriler. <...> Türkmen tomaşaçylary rus kinoprokatynyň iň şowly filmine — «Çeburaşka» komediýasyna tomaşa edip bilerler. Bu film şeýle hem 2023-nji ýylda dünýäde iň girdejili filmleriň ilkinji 25-ligine girmegi başardy" diýlip habarda aýdylýar.

Türkmenistanda Rus kinosynyň günleri Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Roskinonyň» hem-de RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde guralýar. Russian Film Festival ady bilen geçirilýän bu çäre eýýäm Türkmenistanda üçünji gezek geçirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......