Türkmenistanda temmäki önümleriniň bikanun getirilmegine we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça işler geçirildi

  • 08.06.2023 00:05
  • 78k+

7-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde içeri işler ministri M.Hydyrow temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriniň Türkmenistana bikanun getirilmegine we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda döwlet serhedindäki barlag-geçiş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri we döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozmalaryny amala aşyran raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi.
Serdar Berdimuhamedow şeýle jenaýat edenleriň biziň jemgyýetimizde ornunyň ýokdugyny hem-de şeýle bikanun hereketlere baş goşanlara berk çäre görüljekdigini aýtdy. Çünki adam saglygyna ýaramaz täsiri bolan islendik önümiň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak we olary ulanmagy düýpden aradan aýyrmak boýunça zerur işleriň mundan beýläk-de geçirilmelidigini belläp, döwlet Baştutany ýaramaz endiklere garşy gönükdirilen çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyny we gadagan edilen çärelere ýüz uranlara berk jeza çäresiniň ulanyljakdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we  şiresiniň, elektron çiliminiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwletimiz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işiň dowam etdirilmegine öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli hereket ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna  gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilişine gözegçiligi, öňüni alyş hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça  ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etmegi ministre tabşyrdy.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....