Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

  • 07.06.2023 23:46
  • 20k+

Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garamagyndaky edaralaryň şu ýylyň ýanwar-maý aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşuny döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berildi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow hukuk tertibini  üpjün etmek, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we olary gündelik işde ulanmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda kadaly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda görlen çäreler, degişli ösüş Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatow edarany ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, onuň işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....