Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin dünýäniň ösen tejribesi öwrenildi

  • 07.06.2023 11:25
  • 22k+

Arkadag şäheriniň ikinji tagyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşyldy we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesi içgin öwrenildi. Munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldular.

Bu barada 6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça geçiren iş maslahatynda aýdyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda D.Orazow hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilendigi, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologik we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän çeşme suwlaryny önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň geçirilendigi barada aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri Türkmenistanda saparda bolup, bu ýerde türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......