Aşgabatda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy

  • 30.05.2023 16:01
  • 12k+

29-njy maýda Aşgabatda «Ýyldyz» otelinde Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 105 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy guraldy. Ýygnananlaryň öňünde Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gasan Zeýnalow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew söz sözledi. Bu barada Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär. 

Türkmenistanyň wise-premýeri B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ähli türkmen halkynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyny Milli baýram – Garaşsyzlyk güni hem-de Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 105 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we dostlukly ýurda abadançylyk, üstünlikleri we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Azerbaýjanyň ilçisi Gasan Zeýnalow gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......