Iýunda Lexus GX wnedorožniginiň täze nesli tanyşdyrylar

  • 28.05.2023 10:03
  • 16k+

Lexus kompaniýasy 8-nji iýunda ABŞ-da GX wnedorožniginiň täze nesli bilen tanyşdyrar. Häzirki wagtda elýeterli bolan surata seretseň, GX häzirki wnedorožnige garanda, has burçly dizaýny alar.

Suratda täze Lexus GX-iň yzky bölegi we gapdal tarapynyň bezeg bölekleri görkezilýär. Mysal üçin, dikligine diýen ýaly yzky stoýka, spoýler we çyra, şeýle hem ýükdanyň gapysyndan keseligine uzap gidýän ýagty zolak görünýär.
Şeýle hem, GX-yň basym berip görkezilen teker arkalaryny we ganatlarynda kese epinleri aljakdygy bellärliklidir. Öňki tizerleri nazara almak bilen, wnedorožnigiň daşky görnüşiniň has göze ilginç boljakdygyny çaklamak bolar.
Çen bilen GX, mysal üçin, Toyota Land Cruiser 300-de we platformadaş Lexus LX 600-de ulanylan platformany TNGA-F arhitekturasynyň häzirki wersiýasyna üýtgeder.
Güýç gurluşlarynyň Land Cruiser-den göçürilmegi hem mümkindir, ýöne ilkinji görkezilişiň sebitini göz öňünde tutup, Toyota Tundra hereketlendirijiniň hemaýatkäri bolup biler.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....