Iýun aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreler

  • 27.05.2023 11:21
  • 16k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada habar berdi.

  • 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri;
  • 2-nji iýunda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gidýän çagalary ugratmak dabarasyny;
  • 3-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini;
  • 5-nji iýunda welaýatlarda, Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny;
  • 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleri we maslahatlary;
  • 13 — 16-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalyny;
  • 22 — 27-nji iýunda Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny;
  • 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......