Microsoft Windows 11 üçin üçünji uly täzelenmäni çykardy

  • 27.05.2023 10:06
  • 3.2k+

Windows 11 operasion sistemasy üçin Moment 3 global täzelenmesi çykaryldy. Bu barada Windows blogynda aýdylýar diýip, day.az habar berýär.

22H2 Moment 3 apdeýti operasion sistema birnäçe täze funksiýalary goşýar. Aýratynam, korporasiýanyň inženerleri ulanyjy gurluşdan fiziki taýdan aýrylan ýagdaýynda kompýuteriň bloklanmak mümkinçiligini goşmak bilen gizlinlik sazlamalaryny kämilleşdirdiler. Şeýle-de, işleýän VPN ulgamynyň indikatory peýda boldy.
Täzelenen “Pusk” menýusynda ulanyjylar öz akkauntlary barada maglumatlary görüp bilerler: şeýlelik bilen, operasion sistema ulanyjylara olaryň profil informasiýalarynyň täzelenmä mätäçdigini duýduryp biler. Kompaniýanyň programmistleriniň aýtmagyna görä, üçünji uly täzelenmede zyýanly programmalardan has ygtybarly gorag goşuldy.
Şeýle-de, kompaniýanyň wekilleri energiýany az sarp etmek bilen gurluşda sesiň gowy hilini üpjün edýän Bluetooth Low Energy Audio goldawynyň peýda bolandygyny anons etdiler. Wijetler bölümi şahsylaşdyrylan lenta eýe boldy, 32 bit programmalary izolirlenen tertipde işletmek funksiýasy goşuldy, “janly subtitrler” aýratynlygy peýda boldy.
Moment 3 – Microsoft-yň üçünji uly OS täzelenmesi. Windows 10-dan tapawutlylykda, täze nesliň operasion sistemasy ýylda bir gezek uly täzelenme alýar.


17.03.2026 16:47
890

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
869

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...