Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere sylaglar gowşuryldy

  • 26.05.2023 16:46
  • 22k+

25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaraly çäre Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi.
Ilki bilen, şu ýylyň 3 — 13-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çinju şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eden türgenler çagyryldy. Şeýle hem 17 — 22-nji aprel aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde suwda ýüzmek boýunça geçirilen açyk çempionatda çykyş eden türkmen türgenleri dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Soňra şu ýylyň 23 — 30-njy apreli aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde “Ararat Kubogy — 2023” atly adaty karate boýunça halkara ýaryşlara gatnaşan türgenler, şeýle-de 12 — 15-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Aziýa Kubogy — 2023” atly halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler şowhunly el çarpyşmalar bilen sahna çagyrylýar. Türkmenistanly karateçiler bu meşhur bäsleşigiň dürli ugurlary boýunça ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar.
Türkmen türgenleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde aşihara karate boýunça şu ýylyň 4 — 7-nji maýy aralygynda geçirilen Ýewro-Aziýa çempionatynda tapawutlanmagy başardylar. 12 — 15-nji maý aralygynda Estoniýa Respublikasynyň Tallin şäherinde taekwondo boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri köp sanly medallary eýelediler. Erkin we grek-rim göreşi boýunça abraýly ýaryşlara gatnaşyp, hormat münberine çykan türgenleriň adyna hem gutlag sözleri aýdyldy. Hususan-da, Rumyniýanyň Buharest şäherinde şu ýylyň 11 — 16-njy maýy aralygynda Konstantin Aleksandrunyň we Ioan Popowiçiň hormatyna geçirilen halkara ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.
Soňra şu ýylyň 18 — 21-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde kikboksing boýunça guralan halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler sylaglanyldy. 28-29-njy aprelde Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Şu ýylyň 25 — 30-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler. 2 — 15-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Bhubaneşwar şäherinde 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasynda tennis boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Hokkeý boýunça ýurdumyzyň ýaşlar topary Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde 17 — 23-nji aprel aralygynda geçirilen Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji “A” diwizion toparynda ikinji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 11 — 15-nji maýy aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen talyp türgenleriň arasyndaky basketbol boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň türgenler topary bürünç medaly eýeledi.
2022-nji ýylyň 21 — 30-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde paralimpiýa pauerlifting boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda medallara mynasyp bolan türgenleriň sylaglanylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.


düýn 21:04
3.6k+

Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy

Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa uly ýeňiş gazanyp, üç ýyldan soň ýurduň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy...

25.02.2026 18:50
3.8k+

Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçi gyzlary ajaýyp netijeleri görkezdi...

22.02.2026 12:10
6.4k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

19.02.2026 06:27
20k+

«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi...