Saud Arabystany dünýäde iň iri «ýaşyl» ammiak zawodyny gurýar

  • 24.05.2023 10:16
  • 8.2k+

NEOM Green Hydrogen Company (NGHC) saud kompaniýasy azotyň we wodorodyň himiki birleşmesi bolan «ýaşyl» ammiak öndürýän dünýädäki iň uly zawody gurmak üçin 8,4 milliard dollar maýa goýdy. Bu barada duşenbe güni kompaniýanyň web sahypasynda habar berildi.

"NGHC 23 ýerli, sebitleýin we halkara banklar hem-de maýa goýum kompaniýalary bilen resminamalara gol çekenden soň, umumy bahasy 8,4 milliard dollar bolan dünýäde iň uly ýaşyl wodorod zawodynyň maliýeleşdirilmegini tamamlady" – diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Zawodyň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli günde 600 tonna ekologiýa taýdan arassa ammiak öndürmegi meýilleşdirilýär. Zawod häzirki wagtda sekizburç şekilinde dizaýn edilip, port we logistika merkezini öz içine alýan Oksagon senagat toplumynda gurulýar. Merkez Gyzyl deňziň kenaryndaky Tabuk welaýatynda 26,5 müň inedördül metr meýdanda gurulýan futuristik megapolisiň uly "Neom" taslamasynyň bir bölegidir.
Mundan başga-da, ACWA Power, Air Products we NEOM-yň bilelikdäki kärhanasy bolan NGHC  zawodyň ammiaklarynyň hemmesini 30 ýyllyk satyn almak üçin Air Products bilen aýratyn şertnama baglaşdy.
Ammiakyň klassifikasiýasy, edil wodorod ýaly, olary döretmek üçin ulanylan energiýa çeşmesine baglydyr. Mysal üçin, ýaşyl wodorod we ammiak suwuň elektrolizi arkaly, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylyp, mawysy - tebigy gazdan alynýar. Ammiak ýangyç hökmünde ulanylyp bilner.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......