TSMC kompaniýasy Tencent-den öňe geçip, ýene-de Aziýanyň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 24.05.2023 10:11
  • 5.2k+

Dünýäde çip öndürmekde öňdebaryjy Taiwan Semiconductor Manufacturing Co. (TSMC) kompaniýasy Tencent  Holdings Ltd-den öňe geçip, Aziýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny gaýdyp aldy.

Şu ýylyň başyndan bäri TSMC-niň paýnamalarynyň  bahasy 18,4%, soňky bäş günde bolsa 7,2% gymmatlady. Market Watch-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu kompaniýanyň maýa goýumy 13,8 trillion täze taýwan dollaryna (450 milliard dollar) eýe.
TSMC 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde arassa girdejini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1%, düşewündi - 3,6% ýokarlandyrdy. Emma bu görkezijiler öňki çärýek bilen deňeşdirilende 30% we 19% pesdi.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler emeli aň pudagynyň işjeň ösmegi TSMC tarapyndan öndürilýän öňdebaryjy çiplere islegiň ýokarlanmagyna ýardam eder diýip garaşýarlar.
Ýakynda Aziýanyň iň uly kompaniýalarynyň sanawynda birinji orny eýelän Tencent-iň kapitallaşmagy şu ýyl 7,4 göterim ýokarlandy we Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýal dikelýändigi sebäpli soňky bir aýda üýtgewsiz galdy. Häzirki wagtda Tencent-iň kapitallaşmasy 3,17 trillion Gonkong dollaryna (405 milliard dollar) deňdir.

düýn 20:25
2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......