«Ýuwentus» Italiýanyň çempionatynda 10 utukdan mahrum edildi

  • 23.05.2023 20:44
  • 15k+

Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň Federal Şikaýat Kazyýeti (FIGC) “Ýuwentusy” şu möwsümde milli çempionatda 10 utukdan mahrum etdi. Bu barada duşenbe güni FIGC-iň metbugat gullugy habar berdi.

Ýanwar aýynda FIGC şikaýat kazyýeti klubdaky maliýe galplyklary baradaky  meselä gaýtadan garamaga girişdi. Netijede, “Ýuwentus” Italiýanyň çempionatynda 15 utukdan mahrum edildi we klubyň öňki ýolbaşçylary bolsa dürli möhletler bilen futboldan çetleşdirildi. Turiniň kluby bu karara garşy şikaýat etdi. Aprel aýynda Italiýanyň Ýokary Sport Guramasy FIGC kazyýetine karara täzeden garamagy we täze kazyýet işine çenli sanksiýalary ýatyrmagy buýurdy.
10 utukdan mahrum edilenden soň "Ýuwentusyň" 59 utugy bar we Italiýanyň çempionatynyň sanawynda ikinji orundan ýedinji orna düşdi.
"Ýuwentusyň" öňki prezidenti Andrea Anýelli ýanwar aýynda 24 aýlyk, klubyň öňki wise-prezidenti Pawel Nedwed - 8 aýlyk möhlet bilen işinden çetleşdirildiler. Nedwediň işinden çetleşdirilmegine garşy şikaýat arzasy FIGC kazyýeti tarapyndan kanagatlandyrdy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....