BYD kompaniýasy Özbegistanda awtoulag öndürýän zawod gurup başlady

  • 23.05.2023 19:09
  • 27k+

Hytaýyň BYD Auto kompaniýasy Özbegistanda öz zawodyny gurup başlady. Bu UzAuto bilen bilelikdäki BYD Uzbekistan Factory atly kärhana bolar. Kärhana Jizak welaýatynda eýýäm bar bolan Jizzakh Auto zawodynyň esasynda döredilýär, şonuň üçinem ol eýýäm öňümizdäki güýzde işe başlar. Meýdança täze energiýa ulaglary (NEV) diýlip atlandyrylýan ugra ýöriteleşer: Hytaýda bu adalga bilen gibridleri we elektrik ulaglaryny atlandyrýarlar.

Başlangyç tapgyrda BYD Uzbekistan Factory “toplama” gurnama bilen meşgullanar we ýylda iki modeliň - Chazor sedanynyň (Destroyer 05 diýlip hem atlandyrylýar) we Song Plus krossoweriniň 50 000-den gowragyny öndürer. Bularyň ikisi hem BYD DM-i ulgamly gibridler, ikisi hem resmi taýdan özbek bazarynda tanyşdyryldy. Olaryň bahalary degişlilikde 323 039 000 sumdan we 367 732 000 sumdan başlaýar.
Şol bir wagtyň özünde BYD Özbegistanda Han elektrik sedanyny 613 581 000 suma hödürleýär, ýöne kompaniýanyň metbugat beýanatynda onuň ýygnalyşyny lokallaşdyrmak niýeti barada hiç zat aýdylmaýar: megerem, bu modeli ýurduň daşyndan getirmek dowam etdirilse gerek.
Wagtyň geçmegi bilen BYD Özbegistanda galyplap çykarmak, kebşirlemek we kuzowyny reňklemek bilen doly aýlawly önümçiligi ýola goýjak bolýar. Bu kärhanada 2000-den gowrak iş ýerini döreder.


şu gün 09:36
1.8k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......