BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aral deňzi boýunça Kararnama kabul edildi

  • 23.05.2023 11:13
  • 21k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan, Filippinler, Hytaý, Singapur, Türkiýe çykyş etdiler.
Türkmenistan tarapyndan UNESCAP-yň çäklerinde hödürlenen bu ilkinji resminama 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara Gaznasynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça ýörite maksatnamasynyň döredilmegi boýunça geçirilen bilermenler duşuşyklarynyň netijelerini öz içine alýar.
UNESCAP-yň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy BMG-niň çäklerinde Aral deňzi bilen bagly meseleleri yzygiderli çözmeklige gönükdirilen ýörite guralyň emele gelmegine tarap iri ädimleriň biri bolup durýar.


düýn 22:07
954

Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 21:27
1.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

düýn 20:30
2.5k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

düýn 15:31
1.2k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......