Türkmenistan Milanda geçiriljek dokma enjamlarynyň sergisine gatnaşar

  • 23.05.2023 10:24
  • 3k+

Türkmenistan Milan şäherinde dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşar.

Dokma we egin-eşik tehnologiýalarynyň dünýädäki iň uly sergisi bolan ITMA Milan 8-14-nji iýun aralygynda Fiera Milano sergi merkezinde geçiriler. Sergi Germaniýanyň, Italiýanyň, Angliýanyň, Niderlandlaryň, Belgiýanyň, Şweýsariýanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň öndürijilerini öz içine alýan CEMATEX dokma birleşigi tarapyndan guralýar.
Dokma senagatynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de gaýtadan işläp bolýan, biologik taýdan dargaýan we ekologiýa taýdan arassa önümlere üns – nobatdaky gözden geçirilişiň iň möhüm iki ugry. Milanda geçiriljek ITMA 2023-de gaýtadan işlemäge we daşky gurşawyň durnuklylygyna laýyk gelýän enjamlar hem-de önümçilik usullary has uly gyzyklanma döreder.
Serginiň çäginde bilim we maglumat seminarlary, işewürlik çäreleri we ýygnaklar geçiriler. Umuman, ITMA 2023-e gatnaşmak üçin 42 ýurtdan 1500 töweregi arza berildi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....