Bloomberg: Instagram iýunda Twitteriň bäsdeşini işe girizip biler

  • 22.05.2023 11:24
  • 4.1k+

Instagram platformasyny işläp düzüjiler iýun aýynda Twitter bilen meňzeş tekst programmasyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda programma işläp düzüjiler tarapyndan synagdan geçirilýär. Täze serwis “Instagramyň” bir bölegi bolmaz, ýöne programmalardaky akkauntlary baglanyşdyryp bolar diýip, agentlik belleýär.
Instagramyň wekilleri agentligiň bu maglumata teswir bermek haýyşyna jogap bermediler.
Twitter sosial ulgamynyň analoglary amerikaly telekeçi Ilon Mask 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Twitter kompaniýasyny satyn alyp, platformanyň syýasatyna üýtgeşmeler girizeninden soň meşhurlyga eýe bolup başlady. Mysal üçin, Mastodon serwisiniň auditoriýasy 2022-nji ýylyň noýabr aýynda 2 mln ulanyjy artdy.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....